“Günorta Kipre Ynanmaýaryn”

Prezident R.T.Erdogan: “Günorta Kipre ynanmaýaryn. Olar hiç haçan dogruçyl çemeleşmediler” diýdi

1631548
“Günorta Kipre Ynanmaýaryn”

Erdogan Stambulda beren beýannamasynda; “Indi 2-3 aý yza süýşürildi we men ýene netije alynma ähtimallygyny göremok. Sebäbi olar dogruçyl däl. ýalan sözlediler, aldatdylar, şonuň netijesinde geçirilen referenduma hem sarpa goýmadylar. İndi ýene gaýtalaýarlar. Dogruçyl çemeleşseler bizden dogruçyllyk görerler. Eger şeýle bolmasa ylalaşyk bolmaz” diýdi.

Erdogan Stambulda beren beýannamasnda Türkiýedede koronawirusa garşy sanjymlama tapgyry hakynda: “Sanjym üpjünçiliginde men haýsydyr bir kynçylygyň başdan geçiriljekdigini kabul etmeýärin. Elimizde ýeterlik sanjym bar. Russiýa bilen geçiren gepleşiklerimiziň netijesinde Sputnik V sanjymy enşalla geler” diýdi.

Erdogan, “BionTech” sanjymynyň alynmagy hakynda bolsa; “BioNTech”, Germaniýadan onuň berilen sözi bar. Olam enşalla geler” diýdi. Erdogan ýerli sanjym taýarlyklary hakynda bolsa: “Men adatdan daşary şertleriň ýüze çykjakdygyna ynanmaýaryn. Ýerli sanjym boýunça uniwersitetlerimiz, käbir derman firmalarymyz ýokary depginde işleýär. Men, olaryň beren maglumatyna görä sentýabr-oktýabr aýlarynda önümçilige başlajakdygyna ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar