Erdogan Kipr gepleşikleri barada beýanat berdi

Prezident Erdogan: "Kipri çözgütsizlige sezewar etmek isleýän, Kiprdäki türk doganlarymyzy embargolar bilen gorkuzmaga synanyşýan düşünjä geçirimlilik etmeris" diýdi

1628905
Erdogan Kipr gepleşikleri barada beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi.

Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden öň DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatary myhman edendiklerini belläp, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugurlaryny, şu gün Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek "Resmi bolmadyk 5+1 BMG" formatyndaky maslahaty ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Ersin Tataryň, Kipr türk halkndan alan goldawy bilen özygtyýarly deňlige esaslanýan iki döwletli çözgüt maksatnamasyny güntertibe getirjekdigini aýdan Erdogan: "Türkiýe hökmünde biz hem bu maksatnama doly ýagdaýda goldaw bereris. Esasan hem Kipri çözgütsizlige sezewar etmek isleýän, Kiprdäki türk doganlarymyzy embargolar bilen gorkuzmaga synanyşýan düşünjä geçirimlilik etmeris. Maslahatyň netijesi nähili bolsa bolsun, Kipr türk doganlarymyzyň ýanynda bolmaga dowam ederis" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar