Adanada edilen tagallalaryň netijesinde PKK-a agza bir terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

A.T. atly terrorçy kazyýet bilen bagly işler üçin Stambul welaýatynyň Žandarma serkerdeligine ugradyldy

1628553
Adanada edilen tagallalaryň netijesinde PKK-a agza bir terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Adana welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň düzümine 2014-nji ýylda goşulan bir terrorçy, edilen tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Adana welaýat Žandarma serkerdeligi we Milli Howpsuzlyk gullugynyň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde ýaragly guramanyň agzasy bolmak bilen günäkärlenýän A.T. atly terrorçynyň boýun egmegi üçin işe girişildi. 

Guramanyň agzasy A.T. edilen tagallalaryň netijesinde Silopi serhet birikmesine baryp, boýun egdi. 

A.T. kazyýet bilen bagly işler üçin Stambul welaýatynyň Žandarma serkerdeligine ugradyldy. 


Etiketkalar: #Adana , #gurama , #terrorçy , #PKK

Degişli Habarlar