Türkiýe Sputnik V Sanjymyny Almaga Başlar

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja koronawirusa garşy öndürilen Sputnik V sanjymynyň ýakyn gelejekde ulanylmaga başlanjakdygyny aýtdy

1626820
Türkiýe Sputnik V Sanjymyny Almaga Başlar

Ministr Koja wideokonferensiýa ulgamy arkaly geçirilen Koronawirus Ylmy geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýannamasynda; “Türkiýede koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň artyş depgini gowşady. Mundan beýläk çäklendirmeleriň we görülen çäreleriň berjaý edilmegi netijesinde wirus ýokaşýanlaryň sany azalar” diýdi.

“Gysga möhletde Sputin V sanjymyny hem ulanmaga başlajakdygymyzy aýdasym gelýär” diýen Fahrettin Koja; “ Ýerli inaktiw sanjymymyzyň 2-nji gapgyr taýarlyklary gutaryp barýar. Maýy aýynyň dowamynda soňky tapgyr bolan 3-nji tapgyra geçiler. Birnäçe günüň dowamynda üçünji bir inaktiw sanjymyzyň 1-nji tapgyr kliniki barlaglary Ankara şäher hassahanasynda başlar” diýdi.

Ministr Koja Türkiýäniň 7 sanjym platformasy bilen güýçlenmek ugrunda möhüm başlangyçlar edýändigini hem aýtdy.



Degişli Habarlar