"Toslama Ermeni gyrgynçylygy bilen bagly ýalanlara garşy hakykatlary aýtmaga dowam ederis"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan toslama ermeni gyrgynçylygy bilen bagly ýalanlara garşy hakykatlary aýtmaga dowam etjekdiklerini habar berdi

1626630
"Toslama Ermeni gyrgynçylygy bilen bagly ýalanlara garşy hakykatlary aýtmaga dowam ederis"

Prezident Erdogan Ýokary maslahat beriş geňeşinde täze konstitutsiýa, antidemokratik başlangçylar we toslama ermeni gyrgynçylygy töhmedi ýaly ugurlary maslahatlaşdy. 

Maslahat barada jikme-jik beýanaty Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun berdi. 

Fahrettin Altun, Prezident Erdoganyň maslahatda toslama ermeni gyrgynçylygy bilen bagly öňe sürmeler barada beren beýanatyny paýlaşdy. 

"Hormatly Prezidentimiz toslama ermeni gyrgynçylygy bilen bagly ýalanlary we syýasy bähbitler bilen bu töhmede arka çykýanlara garşy hakykatlary aýtmaga dowam etjekdiklerini belledi" diýip habar berdi. 

Fahrettin Altun Prezident Erdoganyň beýanaty bilen baglanşykly: "Hormatly Prezidentimiz Respublikamyzyň 100-nji ýylyna harby agdarlyşyk Konstitutsiýasy bilen dälde, milletimiziň karary bilen täze we raýat konstitutsiýasy bilen gadam basmak isleýändiklerini aýtdy: Ýurdumyzyň zerurlyklaryna, milletimiziň tamalaryna laýyk geljek bir täze konstitutsiýanyň düzülmegi üçin ähli güýji bilen işlejekdiklerini habar berdi. Milli ygtyýara eýe çykyp, demokratiýa garşy her dürli başlangyçlara we aýyplamalara garşy tutanýerli ýagdaýda göreş alyp barjakdyklaryny bellän Hormatly Prezidentimiz, Türkiýäniň özgeriş ýolunda hiç kimiň saklap bilmejekdigini beýan etdi" diýip nygtady. 

Fahrettin Altunyň maslahat bilen bagly: "Toslama ermeni gyrgynçylygy töhmedine garşy ediljek ädimleri hem gözden geçiren Geňeşiň agzalary, mundan başgada Gresiýanyň Kipr, Gündogar Ortaýer deňizi we Egeý babatynda oňaýsyz pozisiýasy bilen Günbatar Frakiýadaky türk azlygyna garşy edýän basyşlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşiň agzalary Türkiýe üçin örän ähmiýetli bolan täze Konstitutsiýanyň ýurdyň jebisligini, güýjüni, durnuklylygyny, howpsuzlygyny, bähbitlerini berkitjek bir çäkde we mümkin boljak iň giňişleýin ylalaşyk etaby bilen taýarlanylmagynyň üstünde durup geçdiler. Demokratiýamyza çydam edip bilmeýän antidemokratik düşünjäniň wekilleriniň her dürli sypatlar bilen özlerini entegem görkezip bilýändigini aýdan Geňeşiň agzalary, Türkiýäniň 2002-nji ýyldan soň başladan demokratik tapgyryň ähmiýedini belläp, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda milletimiziň syýasy ygtyýaryna nähili eýe çykýandygyny bütin dünýä görkezendigini, agdarlyşygyň we beýleki hereketleriň mundan soň asla maksadyna ýetip bilmejekdigini beýan etdiler" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar