PKK-nyň düzüminden gaçan 1 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Edilen tagallalaryň netijesinde terror guramasy PKK-dan gaçan ýene-de bir terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

1621030
PKK-nyň düzüminden gaçan 1 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçynyň 2005-nji ýylda terror guramasynyň düzümine goşulandygy we Yrakda iş alyp barandygy anyklandy. 

Şeýlelik bilen şu ýylyň başyndan bäri howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 51-e ýetdi. 

Beýleki tarapdan howpsuzlyk güýçleri 2021-nji ýylyň ilkinji 3 aýynda PKK-a agza 382 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň arasynda gyzyl kategoriýa boýunça gözlenýän, PKK-nyň Amanos meýdanyndan jogapkär ýolbaşçysy, Mardin welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysy we narynç katogoriýadaky Mardin Bagok meýdanyndan jogapkär ýolbaşçysy bar. 

Operasiýalarda terrorçylara degişli gaçybatalgalar we gowaklar ýer bilen ýegsan edildi. 


Etiketkalar: #boýun egmek , #terrorçy , #PKK

Degişli Habarlar