Fuat Oktaý Mawritaniýanyň Prezidentini Türkiýä çagyrdy

Wise-prezident Fuat Oktaý, Mawritaniýanyň Prezidentini Muhammed Wild al-Gazwanini Türkiýä sapar guramaga çagyrdy

1614431
Fuat Oktaý Mawritaniýanyň Prezidentini Türkiýä çagyrdy

Nigeriň täze Prezidenti Mohamed Bazoumyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin şol ýurda sapar guran Wise-prezident Fuat Oktaý, Türkiýe gaýtjak bolan mahaly Niameý Diori Hamani halkara howa menzilinde Mawritaniýanyň Prezidentini Muhammed Wild al-Gazwani bilen duşuşdy. 

Fuat Oktaýyň birnäçe wagt söhbetdeş bolan Muhammed Wild al-Gazwani, Milli Azat edijilik söweşi ýyllarynda Türkiýä gelen, aralarynda ýakyn garyndaşlarynyň hem bolan 1 müňden gowrak Mawritaniýalynyň häzirki wagtda hem Adana şäherinde we onuň töwereginde ýaşaýandygyny habar berdi. 

Fuat Oktaý Muhammed Wild al-Gazwanini we aýalyny bilelikde Adana gitmek üçin Türkiýä sapar guramaga çagyrdy. 

Muhammed Wild al-Gazwani bolsa öz gezeginde bu hoşamaý çakylyga hoşal bolandyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar