Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-Hytaý gatnaşyklaryny strategik derejä ýetirmek isleýändiklerini habar berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-Hytaý gatnaşyklaryny strategik derejä ýetirmek isleýändiklerini habar berdi

1608460
Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-Hytaý gatnaşyklaryny strategik derejä ýetirmek isleýändiklerini habar berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I bilen ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde duşuşyk geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly we Wan I, Daşary işler ministrliginden ilki ikiçäk soň bolsa toparara gepleşikler geçirdiler. 

Toparara gepleşiklerden ozal gysgaça beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpiniň Türkiýä sapar guramagyndan hoşal boljakdyklaryny, şonuň bilen gatnaşyklary köptaraplaýyn strategik derejä ýetirmek isleýändiklerini habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Daşary işler ministrleriniň Geňeşmeler mehanizmi maslahatynyň hem birnäçe wagt soň giňişleýin ýagdaýda geçiriljekdigini aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly we Wan I, koronawirus epidemiýasy ugrunda Türkiýäniň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy görkezýän surat sergisine gezelenç etdiler. 

Wan I, Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan hem kabul ediler. 

 



Degişli Habarlar