Ýewfrat Galkany sebitinde iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Ýewfrat Galkany sebitinde ekstremist terror guramast PKK/ÝPG-e agza iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi we partlaýjy ýok edildi

1596530
Ýewfrat Galkany sebitinde iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasaby Twitterden berilen beýanatda, terrorçylaryň Ýewfrat galkany sebitine od açandyklary mälim edildi. 

Beýanatda: "Ýewfrat Galkany sebitine od açan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy, gahryman komandos toparlarymyz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabynda Siriýadan Türkiýä bikanun ýollar bilen girmäge synanyşan 8 adamdan ybarat topardaky PKK/ÝPG-e agza terrorçy, sumkasynda bar bolan takmynan 4 kilogramlyk partlaýjy madda bilen saklandy. 

PKK/ÝPG-nyň basyp alyşlygy astyndaky Rakka sebitinden Türkiýä terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin terrorçylaryň geljekdigi barada alynan maglumatyň esasynda howpsuzlyk güýçleri işe girişdi.

Welaýat Içeri işler müdürliginiň Terrora garşy göreş bölüminiň toparlary bilen Döwlet serhet gullugy tarapyndan geçirilen operasiýada Şehit leýtenant Özkul serhet birikmesine degişli sebitden Türkiýä bikanun ýollardan girmäge synanyşan Siriýanyň raýaty 8 adam saklandy. 

Şol adamlaryň arasynda bolan PKK/ÝPG-e agza terrorçynyň sumkasynda 2 bölekden ybarat bolan jemi 4 kilogram partlaýjy, ykjam telefon, batareýa we gurama degişli köp sanda resminama ele salyndy.  

Sapýorlar tarapyndan görülen çärelerden soň partlaýjy madda gözegçilikli ýagdaýda ýok edildi. 

Göz tussaglygyna alynan beýleki 7 adamyň gurama bilen arabaglanşykly bolup-bolmandyklary derňelýär. 



Degişli Habarlar