“Watany: Ilki Dili, Soň Goşun Gorar, Şonuň Üçin Hem Türk Dilimize Eýe Çykalyň”

Prezident Erdogan, “Biziň Ýunusymyz” ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

1585112
“Watany: Ilki Dili, Soň Goşun Gorar, Şonuň Üçin Hem Türk Dilimize Eýe Çykalyň”

 

Prezident R. T. Erdogan, “Medeniýet imperýalizmine garşy iň güýçli goranyş, ilkinji nobatda dilimizi goramak” diýdi.

Prezident Erdogan, Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde “Biziň Ýunusymyz” ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

 “Watany: ilki dili, soň goşun gorar, şonuň üçin hem türk dilimize eýe çykalyň” diýen Prezident Erdogan, “Ýunus Emräniň aradan çykan gününiň 700 ýylygyna bagyşlanyp “Dünýä Dili Türkçe” atly mobilizlenme yglan edýäris” diýdi.

“Medeniýet imperýalizmine garşy iň güýçli goranyş, ilkinji nobatda dilimizi goramak” diýen Prezident Erdogan, “ Dilimiz güýjüni ýitirmäge başlasa syýasy serhetlerimiziň we medeniýetlerimiziň kartalarda diňe ýönekeýje bellikden ybarat bolmagynyň önüni alyp bileris” diýdi.

Ýunus Emre, 13-nji asyrda Anadolyda türk şygyryna öňbaşçylyk eden halk şahyrydy.



Degişli Habarlar