Prezident Erdogan ABŞ-nyň ikiýüzli çemeleşýändigini nygtady

Prezident Erdogan öz ýurtlarynda Senada girenleri terrorçy hökmünde yglan edýänleriň, Türkiýede rektorlyga girmek islänleri adalat isleýänler hökmünde häsýetlendirmegiň ikiýüzlülikdigini beýan etdi

1578128
Prezident Erdogan ABŞ-nyň ikiýüzli çemeleşýändigini nygtady

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň Adyýaman, Edirne, Erzurum, Izmir, Kyrşehir, Mersin, Osmaniýa welaýatlarynyň zenanlar şahasynyň 6-njy nobatdaky kongresine göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Türkiýäniň sezewar bolan hüjümlerine garşylyk görkezip, gelejege ynamly garamagyny maşgala gurluşynyň berkligine borçludygyny aýdan Erdogan: "Maşgalalarymyz biz üçin mukaddesdir. Günbatar dünýäsi maşgala gurluşyny ýumuranlygy sebäpli esasy gowşaýar. Hökümet hökmünde zenanlara, çagalara, ýaşlara, garrylara, maýyplara edýän hyzmatlarymyz bilen her bir raýatymyzyň ýanyndadygyny görkezýäris" diýip belledi. 

Erdogan: "Geçmişimiziň ýeňişlerini nähili ýagdaýda bilelikde ýazan bolsak, beýik we güýçli Türkiýäni hem nesip bolsa şeýdip dikelderis" diýip beýan etdi. 

Stambul Bogaziçi unwersitetindäki wakalaryň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Ol ýerdäki bir bölek ýaş oglan-gyz, gynansagam daşary ýurtlardan edilýän öjükdirmeler bilen oýuna girýär. Terrora baş goýmazlyk şerti bilen ýaşlara eýe çykmalydyrys. Öz ýurtlarynda köçelerde kiçijek hem bolsa aksiýa geçirýänleriň kellesini mynjyradýanlaryň, ýurdumyzda köçeleri haraba öwürýänleri bigünä hökmünde görkezmäge synanyşýanlaryň sözlerine ähmiýet bermeýäris. Elbetde terrora baş goşan guramalaryň oýunjagy ýagdaýyna gelen, eden-etdiligi adalat hökmünde görkezmäge synanyşýanlaryň gözüniň ýaşyna seretmeris, ýakalaryndan tutyp kazyýete çykararys" diýip belledi. 

Erdogan: "Öz ýurtlarynda Senada girenleri terrorçy hökmünde yglan edýänleriň, Türkiýede rektorlyga girmek islänleri adalat isleýänler hökmünde häsýetlendirmegi ikiýüzlülikdir" diýip nygtady. 

Bilim ojaklaryna zeper ýetirmäge, terrorizirlemäge hiç kimiň hakynyň bolmandygyny, şoňa rugsat bermejekdiklerini aýdan Erdogan: "Şolaryň maşgalalaryna ýüzlenýärin, çagalaryňyza eýe çykyň. Nesip bolsa bu mekir oýunyň hem hötdesinden bilelikde geleris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar