Ministrler kabinetiniň mejlsiniň şu ýylyň soňky maslahaty şu gün geçiriler

Ministrler kabinetiniň mejlsiniň şu ýylyň soňky maslahaty şu gün Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriler

1552713
Ministrler kabinetiniň mejlsiniň şu ýylyň soňky maslahaty şu gün geçiriler

Maslahatda koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň soňky ýagdaýy, görüljek täze öňüni alyş çäreler, sanjym senenamasy we bejergi tapgyry ara alynyp maslahatlaşylar. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň giňişleýin maglumat berjek maslahatda, Ylmy Geňeşiň maslahatlary Ministrler kabinetiniň mejlsiniň agzalary bilen paýlaşylar. 

Maslahatdan soň görüljek täze öňüni alyş çäreler aýan ediler. 

Maslahatda Hytaýdan we Germaniýadan getiriljek sanjymlaryň edilmek tapgyry maslahatlaşylar.

Koronawirus sanjymy bilen bagly halk köpçüligine beriljek maslahatlar ele alynar. 



Degişli Habarlar