Türkiýäniň Daşary işler ministri hytaýly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hytaýly kärdeşi Wang Ýi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1545404
Türkiýäniň Daşary işler ministri hytaýly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, telefon söhbetdeşliginde koronawirus epidemiýasyna garşy göreş we sanjym babatynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklar boýunça Ýokary komissary Kairat Abdrakhmanowy hem wezipä täze bellenmegi mynasybetli gutlady. 

Mewlüt Çawuşogly Kairat Abdrakhmanow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Ministr Çawuşogly, ÝHHG Milli azlyklar boýunça Ýokary komissary wezipesine bellenmegi mynasybetli Abdrakhmanowy gutlady. 

Ministr Çawuşogly, Belgiýanyň Daşary işler ministri Sofi Uilms bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 



Degişli Habarlar