Prezident Erdogan Yragyň Premýer Ministrini Ankara Çagyrdy

Premýer ministr Kazymi, Türkiýäniň Yrakdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fatih Ýyldyzy kabul etdi

1509326
Prezident Erdogan Yragyň Premýer Ministrini Ankara Çagyrdy

 

Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazymi, paýtagt Ankara sapar guramasy üçin Prezident R. T. Erdogandan çakylyk alandygyny aýtdy.

Yragyň Premýer ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Premýer ministr Kazymi, Türkiýäniň Yrakdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fatih Ýyldyzy kabul etdi.

Kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň Yrakdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fatih Ýyldyz kabul edilşik barada beren beýannamasynda “Şu gün Yragyň Premýer ministri Mustafa Kazymi tarapyndan kabul edildim. Kabul edilşikde Yrak bilen ýurdumyzyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdyk” diýdi.



Degişli Habarlar