Erdogan “Teknofest 2002-niň Baýrak Gowşurlyş Dabarasyna Gatnaşdy”

Prezident R.T.Erdogan dron öndürmekde dünýäniň belli ýurtlarynyň hataryna goşulan Türkiýäniň awtoulag pudagynda-da üstünlik gazanjakdygyny aýtdy

1497790
Erdogan “Teknofest 2002-niň Baýrak Gowşurlyş Dabarasyna Gatnaşdy”

Gaziantep welaýatynda “Teknyfest 2020-niň baýrak gowşurlyş dabarasynda” çykyş eden Erdogan: “Emeli zehinden kiber howpsyzlyga çenli ähli pudaklarda täze başlangyçlar bu ýerde düýp tutar, kök salar we miwe berer. Dron önümçiliginde dünýäniň sanalgyja ýurdunyň hataryna goşuldyk. Enşalla şeýle üstünlige awtoulag pudagynda hem eýe bolarys” diýdi.

Dünýäniň düýpli digital öwrülşik tapgyryny başdan geçirýändigini, tehnolgiýanyň tizligine ýetişmegiň islege bagly däl, eýsem mejburlykdygyny beýan eden Erdogan: “İň esasysy başdan geçirenlerimiz bize şol özberlişigi ýerli we milli şertlerde iş ýüzüne geçirmegimiziň hökmanydygny görkezýär. Türkiýäniň tehnologiýany dizaýn edýän, öndürýän, döwrebaplaşdyrýan ýurtlardan biri bolmagy üçin edýän irginsiz tagallamyzyň aňyrsynda şol hakykat we tejribe durýar” diýdi.

Prezident Erdogan Gaziantepdäki 300 fabrikdir zawodyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde bolsa koronawirus epidemiýasy ortadan aýrylyp, şertler kadalaşdygy saýyn türk ykdysadyýetiniň täze rekordlar goýmaga dowam etjekdigini aýtdy.

Dünýäniň ýüzden gowrak ýurdunda Gaziantepde öndürilen önümlere gabat gelinýändigini beýan eden Erdogan: “Diňe bir tekstilde däl, azykdan himiýa senagatyna, metal we maşyn-gurluşyk senagatyna çenli uzap gidýän ençeme pudakda Gaziantep firmalarymyz eksport edýärler” diýdi.

Erdogan Türkiýe dsöwlet we hususy eýeleçilik pudagy bilen nähili güýçli bolsa, geljeginiň şonça ynamly boljakdygyny nygtady.



Degişli Habarlar