Ýyldyrym operasiýalary bilen terror guramasyna agyr zarbalar urulýar

Ýyldyrym operasiýasynyň 6-njisi bolsa Bingöl welaýatynyň Žandarma serkerdeligi tarapyndan başladyldy

1476259
Ýyldyrym operasiýalary bilen terror guramasyna agyr zarbalar urulýar

Türkiýe bir tarapdan serhetaşa operasiýalary bilen terrorçylary ýerleşýän ýerlerinde täsirsiz ýagdaýa getirýän bolsa, beýleki tarapdan ýurdyň öz içindäki serhediniň çägindäki terrorçylara demini dürsemäge pursat bermeýär

Ýurdyň içindäki terrory dolulygyna ortadan aýyrmak maksady bilen 13-nji iýulda başladylan Ýyldyrym operasiýalary 6 aýry sebitde dowam edýär. 

Birinjisi Judide, ikinjisi Jiloda, üçünjisi Agryda we Karsda, dördünjisi Tunjeli welaýatynyň Munzur etrabynda, bäşinjisi Amanos sebitinde başladylan we häzirki wagtda hem dowam edýän Ýyldyrym operasiýalarynda Žandarmanyň desant güýçleri, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen harby toparlary, Polisiýanyň ýöriteleşdirilen toparlary we Howpsuzlyk goragçy toparlaryndan ybarat jemi 6 müň 200 adam gatnaşýar. 

Geçirilen operasiýalarda häzirki wagta çenli jemi 22 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 31 gowak we gaçybatalga ýer bilen ýegsan edildi. 

Ýyldyrym operasiýasynyň 6-njisi bolsa Bingöl welaýatynyň Žandarma serkerdeligi tarapyndan başladyldy. 

"Ýyldyrym-6 Garajähennem" atly operasiýa Žandarma güýçleriniň welaýat serkerdeliginiň Desant güýçleri, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen güýçleri, Polisiýanyň ýöriteleşdirilen güýçleri we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat 47 operatiw işgär we 700 harby gatnaşýar.  



Degişli Habarlar