BMG-nyň taryhynda ilkinji gezek türk Baş Assambleýa başlyklyk eder

Wolkan Bozkyr BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasyna başlyk eder

1438384
BMG-nyň taryhynda ilkinji gezek türk Baş Assambleýa başlyklyk eder

 

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlyklygyna Türkiýäniň dalaşgäri ilçi Wolkan Bozkyr saýlandy.

193 agzaly BMG-nyň Baş Assambleýasynda, başlyklyk üçin dalaşgärlige hödürlenen Bozkyr 178 ýurduň goldaw bermeginde BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlyklygyna saýlandy.

Bozkyr, 15-nji sentýabrda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň başlygy Tižžani Muhammed Bandeden kabul edip aljak wezipesini 2021-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli dowam etdirer.

Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy we ozalky ÝB ministri Bozkyr, TBMM-niň Daşary işler komissiýasynyň başlygy wezipesini ýerine ýetirýär.


Etiketkalar: #sessiýa , #Wolkan Bozkyr , #BMG

Degişli Habarlar