Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Prezident R.T. Erdogan, ABŞ-nyň Türkiýä garşy sanksiýa girizen halatynda Türkiýäniň hem jogap berjekdigi barada belläp geçdi

1327016
Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Erdogan, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherine guran saparyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi.

Russiýadan satyn alynan S-400 howa goranyş ulgamy we Türkiýäniň hem taslama hyzmatdaşy bolan F-35 harby uçarlar bilen baglanşykly ABŞ tarapyndan berilýän sanksiýa bilen bagly beýanatlaryň üstünde durup geçen Erdogan: “Biz bu işi tamamladyk. Muny ençeme gezek belläp geçdik. Indi bolsa utanman, ýadaman Türk Akymy bilen baglanşykly embargo goýarys diýýärler. Bu sözüň doly manysynda hukuklarymyza garşy edilýän hereketlerdir. Ähli bu zatlara garşy biziň hem sanksiýalarymyz bolar” diýip nygtady.

Türkiýäniň sanksiýalaryň öňünde eli-goly daňylgy boljak bir millet bolmandygyny aýdan Erdogan: “Hemişe belläp geçişim ýaly: Biz taýpa döwleti däldiris. Bu ýer Türkiýe. Taryhymyz bilen, ähli zadymyz bilen biziň beýlekilerden tapawudymyz bar. Şol sebäpli bu mesele bilen bagly biz hem jogap sanksiýalarymyzy goýarys” diýip belledi.


Etiketkalar: #jogap , #sanksiýa , #ABŞ , #Erdogan

Degişli Habarlar