Çawuşogly Ýewropadaky rasist we yslama garşy durýanlaryň güýçlenýändigini beýan etdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Eskişehir welaýatynda jemgyýetçilik guramalarynyň we işewür dünýäsiniň wekilleri bilen duşuşdy

1155072
Çawuşogly Ýewropadaky rasist we yslama garşy durýanlaryň güýçlenýändigini beýan etdi

Çawuşogly duşuşykdan sözlän sözünde Ýewropada musulmanlary goraýan kanunyň ýokdugyny aýtdy.

Ministr Çawuşogly: “Ýewropa ser salanymyzda rasizm güýçlendi, özünden başgalara duşmançylyk we din duşmançylygy, yslam duşmançylygy, ýehudi duşmançylygy bar” diýdi.

Ýewropada antisemitizmin bolsa yslam duşmançylygynda has giňden ýaýrandygyny nygtan Çawuşogly: “Emma antisemitizme garşy berk kanunlar bardygy üçin syýasatçylaram, başgalaram ony gün tertibine getirip bilmeýär. Emma musulmanlary goraýan hiç hili kanun ýok. Şol sebäpli arkaýynlyk bilen yslama duşmançylyk edýärler” diýdi.



Degişli Habarlar