Erdogan halka walýutasyny böldürmek barada çagyryş berdi

"Türkiýe ABŞ-da öndürlen elektronika önümleriniň baýkot eder"

1032077
Erdogan halka walýutasyny böldürmek  barada çagyryş berdi

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň ABŞ-da öndürlen elektronika önümleriniň baýkot etjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet gaznasy SETA tarapyndan Ankaranyň Söwda birleşmesinde geçirlen “Häkimiýetiň 16-nj ýylynda Adalat we ösüş partiýasy” simpoziýumyna gatnaşdy.

Çykyşynda ABŞ-nyň sanskiýa kararlary barada durup geçen Erdogan “Türkiýä garşy ykdysady taýdan hüjüm edýärler” diýdi.

Erdogan ykdysady hüjümlere garşy degişli çäreleriň görlendigini we görmäge dowam etjekdiklerini belledi.

Türk ykdysadyýetiniň gün saýyn güýçlenýändigine ünsi çeken Erdogan “Iş mümkinçiliginiň döredilmeginde we syýahatçylyk pudagynda uly rekordlar goýýarys. Syýahatçylyk pudagy pajarlap ösýär. Howpsyz we durnukly ýurt ýagdaýyna geldik. Şu günki günde ýurdumyz ähli taraplaýyn dünýädäki iň çydamly bankçylyk ulgamlaryndan birine eýe” diýdi.

ABŞ-nyň birnäçe ýurda garşy ykdysady taýdan söweş yglan edendigini aýdan Erdogan “Ýurdumyza garşy tutum alnyp barylýar” diýdi.

Türkiýäniň ösüşinden biynjalyk bolanlaryň ykdysadyýety ýarag hökmünde ulanmakdan gaça durmaýandygyny aýdan Erdogan, hökümetiň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlylyk synanşygyny halky bilen jebislikde yza serpikdirişi ýaly dollara, walýuta kurslaryna we infilýasiýa garşy jebislikde hereket etjekdigini aýtdy.

Halka walýutasyny böldürmek barada çagyryş beren Erdogan “Türk lirasynyň hümmetini goramak olara beriljek iň gowy jogap bolar” diýdi.

“ABŞ-da öndürlen elektronika önümlerini baýkot ederis” diýen Prezident Erdogan, “Hepdäniň dowamynda Günbatarly ýurtlar we halkara jemgyýetçiligi bilen möhüm duşuşyklar geçireris” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar