Türkiýäniň Premýer ministri Ýyldyrym Germaniýa bardy

Ýyldyrym ýörite uçary TUR bilen Germaniýanyň Berlin şäherine bardy

911380
Türkiýäniň Premýer ministri Ýyldyrym Germaniýa bardy

Türkiýäniň Premýer ministrini Tegel howa menzlinde Ýewropa Bileleşigi ministri we Türkiýäniň adyndan Ýewropa boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik, Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz, Türkiýäniň Berlindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ale Kemal Aýdyn bilen Germaniýanyň Daşary işler ministriginiň protokolynyň resmileri garşyladylar.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Germaniýanyň Fedarl Kansleri Angela Merkel bilen Türkiýäniň wagty bilen sagat 18:00-da duşuşar.

Duşuşykda özara gatnaşyklar, Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-ä garşy we Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabyna guraýan “Zeýtun şahajygy” operasiýasy barada pikir alyşylar.

Premýer ministr Berlindäki duşuşyklaryndan soň Mýunhen şäherine barar.

Ýyldyrym Mýunhen howpsyzlyk maslahatyna gatnaşyp, ikiçäk duşuşyklar geçirer.



Degişli Habarlar