Erdogan 39-njy Arçynlar maslahatynda çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Siriýada terror döwletiniň gurulmagyna asla rugsat berilmejekdigini belledi

794577
Erdogan 39-njy Arçynlar maslahatynda çykyş etdi

Erdogan Prezident kompleksinde 39-njy Arçynlar maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan: “Siriýada gurulmak islenen terror döwletiniň öňüni kesip, göçümimizi etdik we Ýewfrat galkany operasiýasyny geçirdik. Terror guramasy PÝD/ÝPG-niň döwlet gurmagyna rugsat bermeris. Käbirleri Kürt döwleti diýip gaýtalap dur, men bu edilýänleriň kürt doganlarymyň adyna ysnat ýetirmek ýaly görýärin. Siriýada başga bir döwlete asla rugsat bermeris. Bu watany (Türkiýäni) bölmäge synanyşanlara biz her ýeri mazar ederis” diýdi.

Erdogan: “Häzirki wagtda Siriýanyň demirgazygynda 2000 inedördül km ýer biziň gözegçiligimiz astynda. Jerablusy, Rai, Al Baby basyp aldyk. Ol ýerlerdäki 2000 inedördül km ýeri gözegçilik astyna aldyk. Maksatlary Ortaýer deňizine barmakdy. Judide, Tendürekde, Kandilde, Gabarda näme eden bolsak, nirede olary görsek şol edenlerimizi ýene-de gaýtalarys” diýdi.



Degişli Habarlar