Prezident Germaniýada açylan meçew beriji ýazgyly şygar barada beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan uçarda Germaniýada açylan “Edogany öldürene baýrak” diýip ýazylan meçew beriji ýazgyly şygaryň üstünde duryp geçdi

766293
Prezident Germaniýada açylan meçew beriji ýazgyly şygar barada beýanat berdi

Prezident Erdogan Germaniýanyň Premýer ministrlik binasynyň öňünde açylan “Edogany öldürene baýrak” diýip ýazylan meçew beriji ýazgyly şygar bilen baglanşykly Germaniýanyň terrorçylara gujak açýan bir ýurt görnüşini bermeginiň gynandyryjydygyny belledi we bular ýaly hereketlere rugsat berilmeginiň uly pajygadygyny nygtady.

Türkiýäniň Prezidenti Germaniýanyň türk raýatlar bilen duşuşmagyna rugsat bermän öz janyna kast edendigini ýatlatdy.

Erdogan Pars aýlagy ýurtlarynyň Katardan edýän talaplarynyň özygtyýarlyk hukuklarynyň düzgünleriniň bozulmagy hökmünde häsýetlendirdi.

Türk bazasynyň bolsa diňe Kataryň islegine laýyklykda ýapyljakdygyny nygtady.

Erdogan Günbataryň Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamy babatyndaky gapma-garşy pozisiýasyny hem ýazgardy.

Erdogan FETÖ/PDÝ-niň ABŞ-daky mekdepleriniň saýasynda millionlarça dollarlyk girdeji alýandygyny belledi.

Erdogan: “Bir tarapdan agdarlyşyk synanyşygyny ýazgarýarlar, beýleki bir tarapdan bolsa penalyk isleýän FETÖ/PDÝ-niň agzalaryna gapylaryny açýan ýurtlara minnetdarlyk bildirýärler. Bu nähli bir düşünje?” diýdi.

Prezident Erdogan 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni çäreleriniň jikme-jikliginiň üstünde duryp geçdi.

Erdogan çäreleriň 14-nji iýulda Millet metjidinde okaljak jumga namazy bilen başlajakdygyny we 2 gün dowam etjekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar