Binali Ýyldyrym Mesut Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň lideri Mesut Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

721336
Binali Ýyldyrym Mesut Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Alynan maglumata görä telefon söhbetdeşligi düýn agşam geçirildi.

Binali Ýyldyrym Barzana Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Sinjar Dagy bilen Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Karaçok Dagyndaky aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy guran howa hüjüminde ýogalan 5 peşmerge üçin gynanç bildirdi.

Ýyldyrym Yragyň Kürt Awtonomiýasy bilen terrora garşy göreş babatyndaky hyzmatdaşlygyň öňümizdäki döwürde hem dowam etdiriljekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar