Fetullahçy terror guramasyna agza esgerlere we howpsyzlyk güýçlerine garşy operasiýalar dowam edýär

Harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň Fetullahçy terror guramasyna agza bolan howpsyzlyk güýçlerine we esgerlere garşy operasiýalar giň-gerimli dowam edýär

531563
Fetullahçy terror guramasyna agza esgerlere we howpsyzlyk güýçlerine garşy operasiýalar dowam edýär

Müňlerçe esgeriň göz tussaglygyna alynmalydygy barada karar kabul edildi.

Ençeme welaýatda geçirilýän operasiýalarda häzirki wagta çenli terror guramasyna goldaw bermek bilen aýyplanýan 40 general we admiral bilen 170 ýokary derejeli ofiser tussag edildi.

Ankarada aralarynda harby howa bazasynyň serkerdesi general Hakan Ewrim hem bolan 99 adam tussag edildi.

Tussag edilen ofiserleriň 8-si bolsa harby kazy we harby prokuror.

Mundan başgada aralarynda etraplaryň Içeri işler müdürleri hem bolan 10 polisiýa işgäri tussag edildi.

Beýleki tarapdan bolsa Fetullahçy terror guramasynyň agzalaryny anyklamak we olary tussag etmek üçin Stambul şäheriniň Ýeşilköý diýilen ýerinde ýerleşýän Harby howa mekdebine we ýaşaýyş jaýlaryna operasiýa guraldy.

Terrora garşy göreş bölüminiň işgärleri bilen polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen bölüminiň işgärleri binalarda gözleg işlerini ýerine ýetirdiler.



Degişli Habarlar