Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1616312
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Kalyn ÝB-niň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykdan soň beýannama berdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň Prezident R.T.Erdoganyn ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula won der Leýen we ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarles Mişel bilen bolan duşuşygynyň umuman netijeli geçendigini beýan edendigini ýazýar. Kalyn Prezident Erdoganyň ÝB bilen gatnaşyklaryň geljegi boýunça Türkiýäniň garaýyşyny beýan edip, Türkiýäniň ÝB bilen gatnaşyklarynyň maksadynyň doly agzalykdygyny aýtdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Kompleksde ÝB Sammiti” söz başyly habarynda, ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişeliň Prezident Erdoganyň bilen duşuşandan soň, “ÝB Türkiýe bilen ykdysady hyzmatdaşlyk, migrasiýa we halklaryň arasyndaky gatnaşygy ösdürmek üçin maksatnama hödürlemäge taýar” diýen bolsa, Leýeniň: “Gümrük bileleşiginiň iş ýüzünede bar bolan kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşyp, ony döwrebap şertlere görä özgertmäge synanşarys” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Bloombergden öwgüli habar” söz başyly habarynda, merkezi ABŞ-da ýerleşýän ykdysady gazetlerden “Bloombergiň” esasanda Azerbaýjan tarapyndan Daglyk Garabagda gazanylan üstünligin aňyrsynda Türkiýäniň ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň bardygyny beýan edip; “Baýraktar firmasynyň TB2 ÝUHU-lary Liwiýadaky we Azerbaýjandaky şertleriň ykbalyny özgertdi” diýip ýazdy.

“Watan” gazeti “ “turkishsouq.com” arkaly bütin dünýä sowda eder” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň “turkishsouq.com” platformasy arkaly Britaniýadan İtaliýa, Şwesiýadan Portugalia, Russiýadan Awstraliýa, Kanadadan Brazilia çenli 47 ýurda haryt eksport etmäge şert döredilendigini beýan edip; “300 müňe barabar harydymyzyň dünýä bazaryna hödürlenmegi ýola goýuldy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menzili 17 müň uçuş bien Ýewropada birinji” söz başyly habarynda, Ýewropanyň awianawigasiýa howpsuzlygy guramasynyň mart aýynyň 1-31-i aralygyndaky görkezijilere görä Stambul howa menzili 17,407 uçuş bilen Ýewropada birinji orny eýeländigini ýazýar.



Degişli Habarlar