Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1429201
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Britaniýanyň ozalky Premýer ministrinden Türkiýä minnetdarlyk" söz başyly habarynda, Britaniýanyň ozalky Premýer ministri Gordon Brownyň, Kovid-19-a garşy göreşiň çäginde Türkiýäniň Britaniýa ugradan lukmançylyk enjamlary bilen bagly: "Ugradan lukmançylyk enjamlary üçin türk halkyna minnetdarlyk bildirýärin" diýendigini habar berýär. Türkiýäniň sebitindäki güýjüne ünsleri çeken Brown: "Türkiýe gelejekde hem sebit syýasatynda hem-de has giňişleýin häsýetde Ortaýer deňiz syýasatynda konstruktiw bir rol oýnar diýip umyt edýärin" diýip belledi. 

Star gazedi: "Ýaponiýanyň meşhur professory Kanekonyň Türkiýe bilen bagly beýanaty" söz başyly habarynda, Ýaponiýanyň meşhur professory Satoşi Kanekonyň: "Türkiýäniň pandemiýa garşy göreşde dünýä ýurtlaryna berýän kömekleri takdyr edilýär. Türkiýe Bütin dünýä Saglygy goraýyş guramasynyň öňüni alyş çärelerine we maslahatlaryna güýçli ýagdaýda goldaw berip, uly üstünlikleri orta goýdy" diýendigini mälim edýär. 

Haber Türk gazedi: "Türkiýeden milli pul birligi bilen söwda göçümi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2019-njy ýylda 7,6 milliard dollarlyk eksportyny, 11,1 milliard dollarlyk importyny ýerli pul birligi bilen ýerine ýetirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Maksat ýerli pul birligi bilen söwdany has hem ýaýbaňlandyrmak. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýe aragatnaşyk emeli hemrasyny öndürip bilýän 10 ýurdyň arasyna girer" söz başyly habarynda, Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglynyň: "Respublikamyzyň 100-nji ýylynda Türkiýe, dünýäde aragatnaşyk emeli hemrasyny öndürip bilýän 10 ýurdyň arasyna girer. Türksat 5A 2020-nji ýylyň soňky çärýeginde, Türksat 5B 2021-nji ýylyň 2-nji çärýeginde, Türksat 6A bolsa 2022-nji ýylda älem giňişligine uçurylar" diýendigini beýan edýär. 

Watan gazedi: "1 million lira sylag bilen gözlenýän terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi" söz başyly habarynda, Diýarbakyryň Içeri işler edarasynyň tagallasy netijesinde, terror sanawynyň mämişi kategoriýasy boýunça gözlenýän, ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biriniň, Hakkari welaýatynda howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigini aýan edär. Şu ýylyň başyndan bäri ynandyrylyp boýun egdirilen terrorçylaryň sany 82-ä ýetdi. 



Degişli Habarlar