Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1267437
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Erdogan: Tramp bilen erkin söwda ylalaşygyny gün tertibe getirdik” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky 20 milliard dollar söwda kuwwadynyň bolmaly mümkinçiliginden örän pesdigini aýdandygyny habar berýär. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren duşuşygynda munyň 100 milliard dollara çenli ýokarladylmagy babatynda ylalaşandyklaryny aýan etdi.  

Watan gazedi: “Erdogan: Ýurdumyz Siriýadan geljek täze bosgun tolkunyny kabul etmäge artyk mümkinçiligi galmady” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň, ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e berýän goldawyna ýenede bir gezek nägilelik bildirendigini mälim edýär. Terror guramasy DAIŞ-iň ýeňilişse sezewar edilendigini aýdan Erdogan: “Häzirki wagtda hem ýurdumyzyň hem-de sebitimiziň hem-de siriýaly bosgunlaryň yzlaryna gaýdyp barmaklaryndaky iň uly päsgelçilik ekstremist terror guramasy PKK bilen onuň şahasy bolan ÝPG ýaly terror guramalarydyr. Ýurdumyz Siriýadan geljek täze bosgun tolkunyny kabul etmäge artyk mümkinçiligi galmady” diýip belledi.

Star gazedi: “Çernogoriýanyň Daşary işler ministri Darmanowiç: Türkiýe biz üçin örän möhüm bir ýurt” söz başyly habarynda, Çernogoriýanyň Daşary işler ministri Srdjan Darmanowiçiň, Çernogoriýada maýa goýum mukdary bilen bagly sanawda türk işewür adamlarynyň 6-njy orundadygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň Çernogoriýa üçin örän möhüm daşary ýurt maýadarlaryň arasyndadygyny we türk işewür adamlarynyň Çernogoriýada gowy kabul edilýändigini aýdan Darmanowiç, Çernogoriýa has köp türk maýadarynyň gelmegine garaşýandyklaryny beýan etdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Akynjy uçarmansyz howa ulagy uçmaga taýýar” söz başyly habarynda, ýerli mümkinçilikler bilen özgerdilen Akynjy uçarmansyz howa ulagynyň dwigatelleri ilkinji gezek işletdirilendigini habar berýär. Ähli synaglardan üstünlikli ýagdaýda geçen Akynjy, harby uçarlaryň ýüküni azaldar. Akynjy uçarmansyz howa ulagy howadan hüjüm, howadan raketa we F-16 kysymly uçarlaryň daşaýan 1 tonnalyk bombalaryny kynçylyksyz ýagdaýda daşaýar. Açyk ganatly ýagdaýda 20 metr bolan Akynjynyň 4,5 tonna howa galyş agyrlygy bar. Akynjy uçarmansyz howa ulagy bu hepde uçuş zolagyna çykar.

Hürriýet gazedi: “THÝ-dan Günorta Ýewropa ýurtlaryna arzanladyş” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň Günorta Ýewropa ýurtlaryna syýahat etjek ýolagçylar üçin arzanladylan petek satuwlaryny başlatdy. Kampaniýanyň çäginde Stambuldan we Ankaradan Italiýa, Ispaniýa, Fransiýa, Malta, Portugaliýa we Gresiýa ýaly ýurtlardaky 25 aýry nokada arzanladylan petekler bilen uçup bolar. Arzanladylan peteklerden peýdalanmak isleýän ýolagçylar 10-20-nji sentýabrda satyn aljak petekleri bilen 2019-njy ýylyň 1-nji noýabryndan 2020-nji ýylyň 31-nji martyna çenli 119 dollardan başlaýan bahalar bilen uçup bilerler.



Degişli Habarlar