Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

685491
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Men islesem ertir gelerin” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Türk ministrleriniň iş saparlaryny bökdän Germaniýa we Gollandiýa berk reaksiýa görkezip: “Nemes hökümetine ýüzlenýärin, demokratiýa ynanýan dünýä ýüzlenýärin: eger azatlyk ugrunda göreş alyp barýan bolsak, eger pikir azatlygyndan binjalyk bolmaýan bolsak, eger demokratiýa ynanýan bolsak biziň öňümize hiç kim böwet bolup bilmez. Muny şular ýaly biliň. Ben nasizmiň Germaniýada ýok bolandygyny pikir edýärdim. Nasizm gaýtam entegem dowam edýär eken. Men islesem Germaniýa ertir gelerin. Gelerin  we gapydan salmadygyňyzda ýa-da gürlemäge bermedigiňizde men dünýäni aýaga galdyraryn” diýendigini habar berýär.

Watan gazedi: “Ýewropa gideris, onuň öňüni alyp bilmezler” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Germaniýadan soň beýleki Ýewropa ýurtlarynyň referendum kampaniýasynyň geçirilmegine böwet bolmagyna nägilelik bildirendigini mälim edýär. Gazet Çawuşoglynyň: “Gideris, raýatlarymyz bilen duşuşarys. Onuň öňüne ne PKK böwet bolup biler, ne-de raýatlarymyz bilen güýçli aragatnaşygymyzdan binjalyk bolýanlar böwet bolup biler. Demoktarik hukuklarymyzy gideris we ähli ýerde ulanarys. Olaryň Türkiýä gelip, hukuklaryny nähili ulanýan bolsa, men hem giderin ol ýerde ulanaryn. Näme diýseler diýsinler, olardan gorkmarys, ýadamarys” diýendigini nygtaýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Syryp-süpürme operasiýasy” söz başyly habarynda, Diýarbakyryň Lije etrabynda terror guramasy PKK-a garşy soňky ýyllaryň iň uly operasiýasynyň başlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 10 gün dowam etjek operasiýa 17 dik uçar bilen 7 müň žandarmanyň, ýöriteleşdirilen harby toparlardan 600 esgeriň we 559 wagtlaýyn goragçynyň gatnaşýandygyny beýan edýär. Habarda galyňlygy 1 metrden geçýän gara we sowuk howa garamazdan türk esgerleriniň PKK-a garşy üstünlikli operasiýa geçirýändigi ýazylýar.

Haber Türk gazedi: “TÜRKSAT 6 A ýerli we milli bolar” söz başyly habarynda, Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslanyň TÜRKSAT 6 A-ny dolulygyna milli we ýerli mümkinçilikler bilen öndürmegi meýilleşdirýändiklerini aýdandygyny habar berýär. Gazet Türkiýe Komos agentligi kanun taslamasynyň TBMM-ne hödürlenendigini aýdan Arslanyň: “Türkiýe Kosmos agentligi bilen bilelikde emeli hemra öndüren, emeli hemra uçuran we olar bilen çäklenmän emeli hemra eksport eden bir ýurt ýagdaýyna gelmek isleýäris” diýendigine ünsi çekýär.

Sabah gazedi: “Türkiýede çalt ösýäris” söz başyly habarynda, daşary ýurtly maýadarlaryň ünsleriniň barha artýandygyny mälim edýär. Gazet 137 ýurtda iş alyp barýan we oktýabr aýynda Türkiýede işlemäge başlan dünýäniň iň uly internet TV tory Netfliksiň Ýewropa bazary üçin maksatlaryny aýan edendigini  nygtaýar. Habarda 93 milliondan gowrak agzasy bolan kärhananyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Red Hastingsiň geçen 6 aýyň dowamynda Türkiýäniň bazaryndan örän hoşal galandyklaryny aýdandygy beýan edilýär.



Degişli Habarlar