Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.08.2016

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

561200
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.08.2016

Watan gazeti: “Olar gaçar, biz kowalarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň 20-nji awgustda toý dabarasynda guralan bombaly hüjümde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirmek, ýaralanan adamlara geçdigi bolsun diýmek üçin Gaziantebe barandygyny mälim edýär. Gazet Erdoganyň 15-nji iýul Demokratiýa meýdanynda geçirilen “Agzybirlik, jebislik we doganlyk” atly mitinge gatnaşyp, halka ýüzlenendigini belleýär. Habarda Prezident Erdoganyň ähli terror guramalaryny köki bilen ýok etjekdiklerini belläp: “Terrorçylar düýnki güne çenli serhediň golaýyndaky Karakamyş şäherçämize od açýardylar. Indi biz kowalarys, olar gaçar” diýendigi ýazylýar.

Hürriýet gazeti: “Agdarlyşyk synanyşygyndan soň ÝB ýalňyşdy” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň, Türkiýä goldaw bermedik Ýewropa ýurtlarynyň yzly-yzyna ýalnyşdyk diýip ýüzlenme berýändiklerini habar berýär. Gazet Şwesiýanyň ozalky Daşary işler ministri Karl Bildtiň ÝB-niň 15-nji iýuldan soň pozisiýasyna nägilelik bildirip: “ÝB ýalňyşdy” diýendigini nygtaýar. Habarda Bildtiň bu hepde “European Council on Foreign Relations”  guramasynyň käbir resmileri bilen Ankara geljekdigi beýan edilýär. Gazet agdarlyşyk synanyşygy sebäpli güýz aýlarynda guramaklaryny meýilleşdiren saparyny öňe süýşürendiklerini aýdan Şwesiýanyň ozalky Daşary işler ministri Karl Bildtiň ÝB-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna 15-nji iýuldaky wakalardan soň, goldaw bermek maksady bilen iň gysga wagtda Türkiýäniň parlamendine sapar guramalydyklaryny aýdandygyny belleýär.

Star gazeti: “Russiýa miwe we gök-önüm eksporty ýaňadandan başlaýar” söz başyly habarynda, Azyk, oba-hojalyk we maldarçylyk ministri Faruk Çeligiň Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda täze döwrüň başlandygyny aýdyp, bu ýurda iň gysga wagtda oba-hojalyk önümleriniň eksportynyň ýaňadandan başlajakdygyny nygtandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Çeligiň: “Men öňümizdäki aýlarda, esasan hem sitrus ösümlikleriniň ýetişýän möwsümi bolan öňümizdäki birnäçe aýyň içinde oba-hojalyk bilen baglanşykly eksportyň, oba-hojalyk bilen baglanşykly potensialyň, iki ýurduň arasyndaky potansialyň ýaňadandan ösmäge başlajakdygyna ynanýaryn” diýendigine ünsi çekýär.

Haber Türk gazeti: “Çarter bilen 700 müň rus” söz başyly habarynda, Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedewiň Türkiýä çarter saparlarynyň ýaňadandan guralmaga başlanmagy bilen baglanşykly karara gol çekendigini mälim edýär. Habarda möwsümiň ahyryna çenli 700 müň rus syýahatçynyň geljekdigi ýazylýar. Gazet Russiýanyň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň 24-nji noýabrda rus Su-24 uçaryny urup ýere gaçyranyndan soň, Türkiýä çarter saparlaryna gadagançylyk getirendigini, Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň we Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Putiniň 9-njy awgustda geçiren duşuşygynda çarter saparlarynyň ýaňadandan ýola goýulmagy barada ylalaşandyklaryny beýan edýär.

Sabah gazeti: “Türkçe baýramynyň dabaraly ýapylyşy” söz başyly habarynda, Türkçe tomus okuwy taslamasynyň çäginde şu ýyl 46 ýurtdan 540 okuwçynyň gelendigini habar berýär. Gazet Ýunus Emre instidudynyň programmany Stambulda geçirilen II Halkara Türkçe baýram çäresi bilen dabaraly ýagdaýda ýapandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet dabara gatnaşan Medeniýet we syýahatçylyk ministri Prof Nabi Awjynyň türk diliniň beýik medeniýetler esaslandyran bir milletiň dilidigini belläp: “Türkçe ýaýranlygy we ulanylyşy taýdan dünýäniň sanaýmaly dilleriniň biridigini ähli alymlar kabul edýär” diýendigine ünsi çekýär.



Degişli Habarlar