Russiýanyň Özbegistandaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Rus syýasatçy Prilepin geçiren metbugat ýygnagynda, Özbegistanyň we SSSR-yň düzüminde bolan beýleki sebitleriň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegini teklip edipdi

2079718
Russiýanyň Özbegistandaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň Daşkent şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini rus syýasatçy Zahar Prilepiniň Russiýanyň Özbegistanyň territoriýasyny anneksiýa etmek bilen bagly beýanaty sebäpli ministrlige çagyrdy. 

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda duşuşykda "Adalatly bir Russiýa-Hakykat üçin" partiýasynyň egindeş baştutany Zahar Prilepiniň Russiýanyň Özbegistanyň topraklaryny anneksiýa etmelidigi baradaky beýanatynyň bilkastalýyn ýagdaýdaky prowokasiýadygyny we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklara oňaýsyz täsir ýetirip biljekdigini rus tarapyna ýetirendigi habar berildi. 

Beýanatda Zahar Prilepiniň beýanatynyň Özbegistanda çuňňur alada hökmünde kabul edilendigi, Russiýa ýaly dostlukly ýurduň partiýalarynyň biriniň lideriniň bular ýaly görnüşli gyssagly beýanatynyň Özbegistan bilen Russiýanyň arasyndaky giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk we ýaranlyk ruhuna laýyk gelmeýändigi nygtaldy.

Ilçi Malginow hem Prilepiniň beýanatlarynyň dost we garaşsyz Özbegistan bilen baglanşykly Russiýanyň hökümediniň çemeleşmesini beýan etmeýändigini belläp, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýakyn wagtda waka bilen baglanşykly beýanat bermegini meýilleşdirýändigini habar berdi. 

Beýleki tarapdan özbek deputatlar Daşary işler ministrliginden Russiýa nota ugradylmagyny we Özbegistanyň konstitutsion ulgamyna garşy bolmagyň jenaýat jogapkärçiligidigi babatynda duýduryş berilmegini talap etdiler. 

Rus syýasatçy Prilepin geçiren metbugat ýygnagynda, Özbegistanyň we SSSR-yň düzüminde bolan beýleki sebitleriň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegini teklip edipdi. 



Degişli Habarlar