Prezident Erdogan Gazak Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Tokaýew Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

2140902
Prezident Erdogan Gazak Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Tokaýew telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyny maksat edinýändiklerini belledi.

Gazak kärdeşi Tokaýewi doglan güni bilen gutlan Prezident Erdogan, sil apatyny başdan geçiren Gazagystana ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar