Türkiýe Saglyk Syýahatçylygynda Merkeze Öwrülýär

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Türkiýäniň soňky ýyllarda saglyk syýahatçylygynda merkeze öwrülmäge başlandygyny aýtdy.

2025537
Türkiýe Saglyk Syýahatçylygynda Merkeze Öwrülýär

Fahrettin Koja Özbegistanda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň Saglygy goraýyş ministrleriniň maslahatyndan we Türkiýe-Özbegistan 2-nji Saglyk işwürler forumyndan soň žurnalistlere beýannama berdi.

Şu gün Samarkantda başlan maslahata ýokary gatnaşygyň bardygyny beýan eden Koja; “Hem saglyk syýahatçylygy hem-de lukmançylyk enjamlarynyň önümçiliginde, derman senagaty bilen degişli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlyklaryň edilmegine şert döreden maslahat geçirildi” diýdi.

Koja maslahata müňe golaý gatnaşyjynyň bardygyny nygtap, mundan soňky döwürde hyzmatdaşlyklaryň dowam etmegi üçin gepleşikleriň dowam etjekdigini aýtdy.

Saglyk syýahatçylygynyň ähmiýeti hakynda-da durup geçen Koja; “Saglyk syýahatçylygynda Türkiýe soňky döwürde merkeze öwrülmäge başlady” diýdi.

Türki dünýäniň gyssagly lukmançylyk halas ediş toparynyň dörediljekdigini aýdan ministr Koja, degişli okuw-seminarlaryň geljek aý İzmirde başlajakdygyny beýan etdi.

Saglyk işewürler forumynda Türkiýe bilen Özbegistanyň degişli edarlarynyň arasynda 10 sany ähtnama gol çekişildi.



Degişli Habarlar