Azerýajanyň, Ermenistanyň, ÝB-niň, Germaniýanyň we Fransiýanyň Lideri Moldowada Duşuşdy

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň lideri bilen nobatdaky duşuşyk 21-nji iýuda Brýusselde geçirler

1994490
Azerýajanyň, Ermenistanyň, ÝB-niň, Germaniýanyň we Fransiýanyň Lideri Moldowada Duşuşdy

Ýewropa Syýasy bileleşiginiň Moldowanyň taryhy Mimi galasynda geçirlen maslahatyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bäştaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel duşuşyk hakynda beren beýannamasynda, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen gepleşiklerde seljerlen parahatçylyk şertnamasy, ulaglar, howpsuzlyk we serhetleriň kesgitlenilmegi ýaly birnäçe meseläniň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň lideri bilen nobatdaky duşuşygyň 21-nji iýuda Brýusselde geçiriljekdigini aýdan Mişel, “Özara gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin edilýän tagallara goldaw berýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar