Prezident Erdogan özbegistanly kärdeşi Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewi geçen hepde geçirilen konstitutsiýa üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmekligi öz içine alýan referendumyň üstünlikli geçmegi mynasybetli gutlady

1982283
Prezident Erdogan özbegistanly kärdeşi Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Özbegistanyň Prezident ofisinden berilen beýanata görä, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde liderler iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has hem güýçlendirilmegi, konstruktiw hyzmatdaşlyk bilen ileri tutulýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleleri ele aldylar. 

Özbegistanda Türkiyäniň öňdebaryjy firmalaryň goşan goşantlary bilen amala aşyrylan maýa goýum taslamalaryny gözden geçiren liderler, mundan başgada Türkiye-Özbegistan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatyna taýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Prezident Erdogan Özbegistanda geçen hepde geçirilen konstitutsiýa üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmekligi öz içine alýan referendumyň üstünlikli geçmegi mynasybetli Mirzoýewi gutlap, doganlyk Özbegistanyň halkyna asudalyk, ösüş we abadançylyk diledi. 

Mirziýoýew hem Prezident Erdogana Türkiyede 14-nji maýda geçiriljek Prezident we deputat saýlawlarynda üstünlikler arzuw etdi. 



Degişli Habarlar