Daşary Işler Ministri Mesheti Türkleri Bilen Duşuşdy

Ministr Çawuşogly Mesheti türkleriniň bütindünýä bileleşiginiň Antalýada berilen agzaçaryna gatnaşdy.

1975724
Daşary Işler Ministri Mesheti Türkleri Bilen Duşuşdy

Çawuşogly Türkiýede 70 müň mesheti türküne raýatlyk berendiklerini we häzirki wagtda Türkiýede ýaşaýan mesheti türklerine raýatlyk beriljekdigini aýtdy.

Agzaçarda çykyş eden Daşary işler ministri Çawuşogly, dünýäniň niresine gidende-de kowumdaşlar, garyndaşlar, daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlar, mesheti türkleri bilen bilelikde bolandyklaryny beýan etdi.

Türkiýäniň başdan geçiren ýer tiremelerinden soň dünýäniň çar tarapyndaky mesheti türkleriniň, azerbaýjanlylaryň, Krym tatarlarynyn, gazaklaryň, türkmenleriň, gyrgyzlaryň, özbekleriň, Balkan ýurtlaryndaky kowumdaşlaryň, ähli dostlaryň mobilizlenendigini beýan eden Çawuşogly, berilen kömek üçin sagbolsun aýtdy.

Türkiýäniň ähli şertlerde mesheti türklerini goldaýandygyny aýdan Çawuşogly, pandemiýada mesheti türklerine degişli kömegi berendiklerini, Ukraina söweşinde 6 müňe barabar mesheti türküni Türkiýä getirendiklerini ýatlatdy.

Çawuşogly dünýäniň ähli ýerindäki türkleriň bir-birleri bilen güýçli aragatnaşygynyň bardygyny, onuň türki dünýäni hasam güýçlendirjekdigini nygtady.

Mesheti türkleriniň bütindünýä bileleşiginiň Başlygy Ziýatdin Kassanow bolsa Türkiýäniň başdan geçiren ýer titremeleri sebäpli agyr ýitgi çekendigini beýan edip, dünýädäki ähli türki halklaryň mobilizlenendigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar