Türk we Türkmen Işewürleriniň Maslahaty Geçirildi

Maslahatda özara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça pikir alyşyldy

1608988
Türk we Türkmen Işewürleriniň Maslahaty Geçirildi

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we ykdysady gatnaşyklaryň depgini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkiýe-Türkmenistan Işewürler Geňeşiniň Bilelikdäki Maslahaty Onlaýn ulgamda geçirildi. Maslahatda iki dost we doganlyk ýurduň işewür dünýäsiniň wekilleri duşuşdylar.

Işewürler Geňeşiniň Maslahatyna Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk geňeşiniň Başlygy Nail Opak, Türkiýe-Türkmenistan Işewürler Geňeşiniň Başlygy Hal Awjy, Türkmenistan-Türkiýe Işewürler Geňeşiniň Başlygy we Türkmenistanyň Söwda we Senagat Birleşmesiniň Başlygy Döwletgeldi Rejepow, Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçisi Togan Oral, Türkmenistannyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkmenistanyň Telekeçiler we Senagatçylar Bileleşiginiň Dolandyryjylar geňeşiniň Agzasy Täçmyrat Gurdow bilen Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk geňeşiniň Türkiýe-Türkmenistan Işewürler Geňeşiniň beýleki agzalary gatnaşdylar.

Maslahadyň 2015-nji ýyldan soň şeýle ýokary ýokary derejeli geçmegi aýratyn uly ähmiýete eýe. Maslahatda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda özara söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, ulaglar, logistika, oba hojalygy, gurluşyk, energetika, saglygy goraýyş pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça pikir alyşyldy.

Aýratynam Türkmenistanyň esasy eksport serişdelerinden nebit we gaz önümleriniň satuwynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny amala aşyrmak üçin köptaraply hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy maksady bilen 2021-nji ýylda Stambul şäherinde halkara maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirildi.

Şol çäkde Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan üçtaraply hyzmatdaşlyk mehanizminiň eýel bolan ähmiýeti nygtaldy. Azerbaýjanyň tebigy gazyny we Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň Türkiýe hem-de Ýewrpanyň bazarlaryna ýetirilmegini nazarda tutýan energetika pudagynda alynyp barylýan işleriň goldanmagy boýunça karara gelindi.

2021-nji ýylyň birinji aýynda Türkiýäniň Türkmenistana eksporty 39 million Amerikan dollaryna barabar bolan bolsa, Türkiýäniň Türkmenistandan importy 33 million dollar boldy.



Degişli Habarlar