Gazagystanda Kowid-19-a garşy oýlanyp tapylan rus Sputnik V sanjymynyň önümçilgine başlandy

Gazagystanda Russiýa tarapyndan Kowid-19 epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan Sputnik V sanjymynyň önümçilgine başlandy

1549259
Gazagystanda Kowid-19-a garşy oýlanyp tapylan rus Sputnik V sanjymynyň önümçilgine başlandy

Gazagystanyň Premýer ministrliginden berilen beýanatda, Premýer ministri Askar Maminiň Karagandy welaýatyndaky derman kompeksine baran mahaly, Russiýa degişli Sputnik V sanjymynyň önümçilgine resmi ýagdaýda başlanandygy mälim edildi. 

Beýanatda sanjymyň önümçiligi bilen baglanşykly ylalaşygyň ozal Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda gazanylandygy ýatladylyp: "Kompleksiň çäginde tapgyrlaýyn häsýetde 2 million sany sanjym öndüriler" diýip habar berildi. 

Gazagystanda öndürilen sanjymyň köpçülikleýin sanjym edilmek işleriniň öňümizdäki ýylyň fewral aýynda başladylmagynyň meýilleşdirilýändigi bellenen beýanatda, Premýer ministri Askar Maminiň "Ilki bilen saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, okuwçylar, howpsuzlyk güýçleri we hroniki keseli bolan adamlar sanjym ediler" diýen sözleri bellenip geçildi. 

Beýanatda, Maminiň rus sanjym Sputnik V-iň önümçiliginiň ýerlileşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini aýdandygy nygtalyp geçildi. 



Degişli Habarlar