DKTR 46 Ýyldan Bäri Ýapyk Duran Maraş Etrapçasyny Açmaga Taýarlanýar

DKTR-nyň Premýer-ministri Ersin Tatar bu barada TRT-ä beren beýannamasynda aýtdy

1476943
DKTR 46 Ýyldan Bäri Ýapyk Duran Maraş Etrapçasyny Açmaga Taýarlanýar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Premýer-ministri Ersin Tatar bu barada TRT-ä beren beýannamasynda aýtdy

Ersin Tatar: “Ýapyk Maraş hökman açylar” diýdi.

Tatar: “Ýapyk Maraş hökman açylar. Ýalan hakykatlar paş boldy, täze sahypa açyldy. 1974-nji ýyldan bäri parahatçylyk bar. Biziň howpsyzlygymyzy Türk ýaragly güýçleri we Türkiýe Respublikasy goraýar” diýip: “Maraşy bizden hiç kim alyp bilmez. Ýolumyzy üstünlik bilen dowam etdirýäris” diýdi.

Maraşyň DKTR-na degişlidigini nygtan Tatar, etrapçanyň syýahatçylyk pudagyna açylmagy bilen hasam gülläp ösjekdigini nygtady.

Maraş 1963-1974-nji ýyllaryň aralygynda 12 müňden gowrak ýatakjaý mümkinçiligi bilen ilkinji 7 ýyldyzly myhmanlara ýer eýeçiligini edýärdi. 3,5 kilometr uzynlygyndaky altyn reňkli gumaklary bilen dünýä meşhur ýyldyzlaryň dynç alyş ýeridi.

Häzirki wagtda harabalyga öwrülen Maraşyň köçelerindäki dükanlar iň ýokary amatlykly markalary özünde jemleýärdi. Ýokary amatlykly awtoulag markalaryndan iň gymmat bahaly şaý-seplere çenli ähli önümleri satýan dükanlar şol günleriň ajaýyplygyny ýada salýar.

Häzirki wagtda ýapyk bolan Maraş etrapçasynda ýaşaýyş jaýlaryndan we iş ýerlerinden ybarat bolan 8400 bina bar. sebitde 21 bankyň şahamçasy, 99 dynç alyş ýeri bardy. Şolaryň ählisi 5,5 inedördül kilometrlik giňişlikde ýerleşýärdi. Maraş indi ozalky ajaýyp günlerine dolanyp barjak günlerine garaşýar.



Degişli Habarlar