Erdogan Aliýewi gutlady

Prezident R.T.Erdogan Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýewi doglan gününiň 58-nji ýyllygy bilen gutlady

1328891
Erdogan Aliýewi gutlady

Azerbaýjanyň Prezidentiniň diwanyndan berilen beýannama görä Prezident Erdogan Aliýewe telefon etdi.

Erdogan Aliýewi doglan güni bilen gutlap, işinde üstünlik, durmuşynda saglyk arzuw etdi. Aliýew bolsa doglan gününi gutlandygy üçin Erogana sagbolsun aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösmegine kanagatlanma bildirildi, gatnaşyklaryň mundan beýläk has hem ösdüriljekdigi beýan edildi.



Degişli Habarlar