2 Aýda Stambula 2 Million 457 Müň 518 Syýahatçy Geldi

Stambul şäherine gelen daşary ýurtly syýahatçy sany 8,08 göterim artdy.

2120515
2 Aýda Stambula 2 Million 457 Müň 518 Syýahatçy Geldi

Türkiýäniň iň uly şäherlerinden biri bolan Stambula üstümizdäki ýylyň 2 aýlyk döwründe 2 million 457 müň 518 syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen beýannama görä, Stambul şäherine ýanwar we fewral aýlarynda gelen daşary ýurtly syýahatçy sany geçen ýylyň ýanwar, fewral aýlary bilen deňeşdirilende 8,08 göterim artdy.

Türkiýä üstümizdäki ýylyň ilkinji 2 aýynda bolsa daşary ýurtly 4 million 341 müň 606 syýahatçy geldi.

Fewral aýynda Stambul şäherine Russiýadan 138 müň 957, Germaniýadan 95 müň 465, Eýrandan 75 müň 312, Britaniýadan 56 müň 430, Fransiýadan 48 müň 902, Saud Arabystanyndan 43 müň 415 we ABŞ-dan 41 müň 472 syýahatçy geldi.

 



Degişli Habarlar