Trendýol Super Liga şu gün başlaýar

Futbol janköýerleriň futbol hasraty ertir tamam bolýar

2022857
Trendýol Super Liga şu gün başlaýar

Trendýol Super Ligada 2023-2024-nji ýylyň futbol möwsümi 65 günlik arakesmeden soň şu gün başlaýar. 

Galatasaraý komandasynyň çempionlygy bilen 7-nji iýunda tamamlanan Super Liganyň 66-njy möwsümi şu gün Trabzonspor-Antalýaspor duşuşygy bilen başlar. 

Liganyň ilkinji ýarymy 25-nji dekabrda geçiriljek 18-nji hepdedäki duşuşyklar bilen tamam bolar. 

Ikinji tapgyry 5-nji ýanwarda başlajak liganyň futbol möwsümi 2024-nji ýylyň 19-njy maýynda tamamlanar. Şu ýyl liganyň ilkinji tapgyrynda 18 hepde, 2-nji tapgyrynda bolsa 20 hepde oýnalar. 

Möwsümiň ahyrynda bal boýunça iň yzda galan 4 komanda Trendýol 1-nji liga geçerler.

Super liganyň 66-njy futbol möwsüminde 12 welaýat, 20 komanda bilen wekilçilik ediler. 


Etiketkalar: #futbol , #Super Liga , #Trendýol

Degişli Habarlar