Türk Kinosy Kann Film Festiwalynda Tanyşdyrylýar

Türk kinosunyň gazananlary filmlerden bölekler bilen türk kinosunyň meşhurlarynyň gatnaşmagynda sungaty söýüjileriň dykgatyna ýetiriler.

2139718
Türk Kinosy Kann Film Festiwalynda Tanyşdyrylýar

Bogaziçi Medeniýet-sungat gaznasyndan berilen beýannama görä festiwalda Türkiýäniň medeni mirasyny dünýä tanyşdyrmak we türk kinosunyň üstünligini görkezmek üçin Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermeginde Türkiýe pawiony açyldy.

Täze kino düzgünnamasy bilen güýje giren we daşary ýurtly kino maýadarlaryna Türkiýede harçlan serişdeleriniň 30 göterimine çenli bolan mukdarynyň yzyna berilmegine şert döredýän goldawlar gürrüň berilip, tebigy plato aýratynlygynyň saýasynda esasy kino düşüriş merkezlerinden biri bolan Türkiýäniň pudakdaky bäsdeşlik güýji hakynda maglumat beriler.

Fetiwalda Türkiýäniň kino senagaty we film önümçiligi hakynda maglumat bermek üçin ýörite çäre guralar.

Fransiýanyň Kann şäherinde düýn başlan 77-nji Kann film festiwaly 25-nji maýa çenli dowam eder.



Degişli Habarlar