Büýükçekmeje Medeniýet we Sungat Festiwaly Dabaraly Ýagdaýda Açyldy

Festiwal 5-nji awgusta çenli dowam eder.

2017614
Büýükçekmeje Medeniýet we Sungat Festiwaly Dabaraly Ýagdaýda Açyldy

Stambulda şu ýyl 24-njisi geçirilýän Büýükçekmeje medeniýet we sungat festiwaly Taksim meýdanynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 100 ýurduň medeniýet we sungat ilçisi Stambul şäherine geldi.

Parahatçylyk, dostluk we doganlyk ýüzlenmesini berýän şu ýylky festiwala Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 100 ýyllygy mynasibetli 100 ýurtdan 1580 sungat ussady gatnaşýar.

Halkara Büýükçekmeje medeniýet we sungat festiwaly, Dünýäniň festiwallar bileleşigi tarapyndan 8 gezek yzly yzyna “Dünýäniň iň gowy medeniýet we sungat fesitwaly” baýragyna laýyk görüldi.

Festiwal 5-nji awgusta çenli dowam eder.

 

 


Etiketkalar: #festiwal , #sungat , #medeniýet

Degişli Habarlar