“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Sinop Portuna Geldi

“Astoria Grande” 850 ýolagçysy bilen bir gün portda galar.

2011463
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Sinop Portuna Geldi

Russiýanyň Soçi portundan ýola çykan Panamanyň baýdagyny göterýän “Astoria Grande” atly kruiz gämisi Stambuldan soň 6-njy gezek Sinop portuna geldi.

Türkiýede Stambuldan soň ikinji duralgasy Sinop bolan “Astoria Grande” 850 ýolagçysy bilen bir gün portda galar.

Gäminiň ýolagçylary şäheriň taryhy we syýahatçylyk ýerlerine baryp görer.

“Astoria Grande” gämisi Sinopdan soň Soçi şäherine gider.

 


Etiketkalar: #Soçi , #kruiz gämi , #Sinop

Degişli Habarlar