Stambula 3 Aýda 3 Million 766 Müň 718 Syýahatçy Geldi

Stambul şäherine gelen syýahatçlaryň sany 8,22 göterim artdy.

2138164
Stambula 3 Aýda 3 Million 766 Müň 718 Syýahatçy Geldi

Stambul şäherine 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtly 3 million 766 müň 718 syýahatçy geldi.

Stambul şäherine gelen syýahatçlaryň sany geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 8,22 göterim artdy.

Türkiýä üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde gelen daşary ýurtly 7 million 42 müň 850 syýahatynyň ýarysyndan gowragy Stambul şäherine geldi.

Stambul şäherine mart aýynda Russiýadan 163 müň 548 syýahatçy geldi.

Sanawda Russiýadan soň 121 müň 194 adam bilen Eýran ikinji, 115 müň 563 adam bilen Germaniýa üçünji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar