Ýewropa Oýunlary tamamlandy

Polşada 21-nji iýunda başlan III Ýewropa Oýunlary ýapylyş dabarasy bilen resmi ýagdaýda tamamlandy

2006044
Ýewropa Oýunlary tamamlandy

Krakow şäherindäki Henrik Reýman stadionynda geçirilen ýapylyş dabarasynda Türkiyäniň baýdagyny milli badmintonçy Neslihan Ýigit Aryn göterdi. 

Sungat işgärleriniň ýerine ýetirmegindäki konsertleriň bolan we "Biz birdiris" şygary bilen geçirilen oýunlaryň ýapylyş darasynda yşyk şoulary bilen birlikde biri-birinden tapawutly çykyşlar boldy. 

Malopolska sebitindäki 13 aýry şäherde geçirilen çärede Türkiyä 103-i zenan, 90-y erkek bolmak bilen jemi 193 türgen wekilçilik etdi. 

Türkiyäniň topary III Ýewropa oýunlarynda 9-y altyn, 9-y kümüş, 20-si bürünç jemi 38 medala eýe boldy. 

Türkiye medal sanawynda 48 ýurduň arasynda 9-njy boldy. 

Medallaryň köplügi boýunça 35-i altyn, 26-sy kümüş we 39-y bürünç bolmak bilen jemi 100 medala eýe bolan Italiýa 1-nji oruna eýe boldy. 



Degişli Habarlar