Şu gün Ýewropa Oýunlary başlar

Şu gün Polşada Ýewropa Oýunlary başlar

2002314
Şu gün Ýewropa Oýunlary başlar

3-nji gezek geçiriljek Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Henrik Reýman stadiony ýer eýeçiligini eder. 

15 gün dowam etjek ägirt uly çäre TRT-de görkeziler. 

Ýewropa oýunlarynda düýn ýeňil atletika we plaž gandboly boýunça bäsleşikler geçirilmäge başlandy.  

Resmi açylyş dabarasy bolsa şu gün Türkiyäniň wagty bilen sagat 21:30-da TRT SPORT ÝYLDYZ kanalynda görkeziler. 

Merkezi Krakow boljak 3-nji Ýewropa oýunlary, Polşada Malopolska sebitini öz içine alýan jemi 13 aýry şäherde geçiriler. 

Ýewropa oýunlaryna 48 ýurtdan 7 müňden gowrak türgen gatnaşar. 

3-nji Ýewropa oýunlary 2-nji iýulda  Henrik Reýman stadionynda geçiriljek ýapylyş dabarasy bilen tamamlanar. 

Taryhda ilkinji gezek 2015-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen, ondan soň 2019-njy ýylda Belarussiýanyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen oýunlar 4 ýylda bir gezek geçirilýär. 



Degişli Habarlar