UEFA Çempionlar ligasynyň çempiony Mançester-Siti boldy

Stambul şäherinde geçirilen UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda Italiýanyň Inter toparyny 1-0 hasabynda ýeňen Angliýanyň Mançester-Siti topary kubogyň ýeňijisi boldy

1998087
UEFA Çempionlar ligasynyň çempiony Mançester-Siti boldy
erdogan manchester city maci1.jpg
erdogan manchester city maci.jpg
manchester city uefa sampiyonlar ligi kupa1.jpg
ilkay gundogan kupa.jpg
manchester city uefa sampiyonlar ligi kupa.jpg

Duşuşygyň ilkinji ýarymy deňme-deň tamamlanan duşuşygyň 68-nji minudynda Mançester-Siti Rodriniň atan goly bilen 1-0 hasabynda öňe geçdi. 

Duşuşykda 1-0 hasabynda üstün çykan Mançseter-Siti topary UEFA Çempionlar ligasynda ilkinji gezek çempion boldy. 

Bu futbol möwsüminde Premýer Ligadan we Federasiýa Kubogyndan soň UEFA Çempionlar ligasynda hem üstün çykyp, taryhy rekorda eýe bolan Mançester-Siti topary, 24 ýyl soň Beýik Britaniýanyň futbol taryhynda trilogiýa etmegiň hötdesinden gelen 2-nji topar boldy. 

Mançester-Siti bilen 3 kuboga eýe bolan 52 ýaşyndaky Pep Gwardiola, ony 2-nji gezek amala aşyrmagyň hötdesinden gelen tälimçi hökmünde taryha adyny ýazdyrdy. 

Duşuşykdan soň geçirilen dabarada UEFA-nyň başlygy Aleksander Çeferin kubogy toparyň kapitany Ilkaý Gündogana gowşurdy. 

Ilkaý Gündogar kubogy galdyran ilkinji türk futbolçy hökmünde taryha adyny ýazdyrdy. 

Duşuşyga Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem tribunadan tomaşa etdi. 

Duşuşyga Prezident Erdogan bilen birlikde BAE-niň Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan, Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban, Sloweniýanyň Premýer ministri Robert Golob, Iordaniýanyň Premýer ministri Bişer Al-Hasawneh, Liwiýanyň Premýer ministri Abdülhamid Dibeýbe, Çernogoriýanyň Premýer ministri Dritan Abazowiç we Italiýanyň Mejlisiniň başlygy Inýasio la Russa tomaşa etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiyäniň möhüm şäheri, medeniýetleriň merkezi Stambul şäherimiziň ýer eýeçilik etmeginde, Atatürk olimpiýa stadionynda geçirilen, dünýäniň iň uly sport çäreleriniň biri bolan UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda çempion bolan Mançester-Siti toparyny gutlaýaryn. Türkiyäniň myhmansöýerligini ýene-de bir gezek subut eden, bu uly guramaçylygyň meselesiz we üstünlik bilen geçirilmegi ugrunda zähmet çeken ähli adamlara minnetdarlyk bildirýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar