Oraza Baýramy Bellenilip Geçilýär

Oraza baýramynyň birinji güni halk metjitlerde Oraza baýramy namazyny okady.

1977902
Oraza Baýramy Bellenilip Geçilýär
erdogan cami.jpg
mescid-i aksa namaz.jpg
cami namaz1.jpg
cami namaz.jpg

Türkiýede we dünýäniň birnäçe ýurdunda musulmanlar Oraza baýramyny belläp geçýär.

Oraza baýramynyň birinji güni halk metjitlerde Oraza baýramy namazyny okady.

Ertiriň irki sagatlarynda metjitleri dolduran musulmanlar, okalan namazdan soň doga etdi we birek-biregiň baýramyny gutlady.

Yslam dininiň mukaddes üçünji ýeri bolan Aksa metjidinde ertiriň irki sagatlarynda 120 müň musulman Oraza baýramy namazyny okady.

Aksa metjidinde baýram namazynyň okalmagyndan soň türkler jemagata lokum paýlady.

Prezident Erdogan Oraza baýramy namazyny Stambul şäherinde Aýasofiýa metjidinde okady.

Prezident Erdogan namazdan soň raýatlar bilen baýramlaşdy.

 

 

 



Degişli Habarlar